Warning: session_start(): Cannot start session when headers already sent in /var/www/u1446362/public_html/degirmen.group/lebap.php on line 5

Paýdarlar jemgyýeti
“Lebap et önümleri”

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde eti
gaýtadan işleýän zawodymyz ýerleşýär.

2014-nji ýylda ýokary hilli we giň görnüşli et önümleriniň önümçiligine başladyk:

Gaýnadylan şöhlatlar önümleri

Sardelkalar

Et ruletleri

Kakadylan şöhlat önümleri

Çig kakadylan şöhlat önümleri

Şöhlatçalar

Kakadylan et

Önümçiligi netijeli gurnamak azyk senagaty üçin niýetlenen ähliumumy enjamlary ulanmazdan mümkin däl. Biziň kärhanamyzda sowadyjy, ölçeýji we gaplaýjy tehnologiki enjamlar ulanylýar.

Önümçilik tehnologiýalaryň yzygiderli täzelenip durmagynyň netijesinde 30 adamdan ybarat toparymyz sazlaşykly we çalt işläp bilýär. Ýokary hilli önümleri öndürenimizden soň, olary laboratoriýamyzyň pugta barlagyndan we synaglaryndan geçirýäris. Laboratoriýanyň wezipesi taýýarlanan önümleriň we gelýän çig mallaryň hil gözegçiligini üpjün etmekden ybaratdyr.

Et önümleriniň giň görnüşini hödürlemek bilen, biziň önümlerimiz ýerli bazarda giňden tanyşdyrylandyr. Ýyllyk önümçilik kuwwatymyz 500 tonna et we şöhlat önümlerine barabardyr, olaryň 60%-i towuk we 40%-i sygyr etinden ybaratdyr.

Gözleg işleri iki usulda amala aşyrylýar:

Organoleptiki derňew - önüm konsistensiýasy, daşky görnüşi, ysy we tagamy boýunça bahalandyrylýar.

Fiziki-himiki derňew - krahmalyň, çyglylygyň we natriý hloridiň köpçülik bölegini kesgitleýär.

Lebap et önümleri – bu laboratoriýa synagyndan geçen ýokary hilli önümlerdir.